milli goshun logo
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Telefon arkaly söhbetdeşlik
20.05.2025 89 Habarlar

Düýn – 19-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny, söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artmagynyň munuň aýdyň mysalydygyny belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilen we geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki birnäçe taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.