milli goshun logo
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Telefon arkaly söhbetdeşlik
01.05.2025 67 Habarlar

Düýn – 30-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Gahryman Arkadagymyz we Federal Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer birek-biregi mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny nygtadylar. Gahryman Arkadagymyz himiýa senagatyny, oba hojalygyny, saglygy goraýşy, ulag, dokma pudaklaryny ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de bu ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ýola goýmagy teklip etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz GFR-iň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.