Düýn - 18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini hem-de ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmaga çalyşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň häzirki wagtda, şeýle hem uzak möhletli geljekde bu işde möhüm orun eýelejekdigine berk ynam bildirildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda özara hereketleri pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.