Düýn – 14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda
wagtyň synagyndan geçen hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürilýän
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy.
Şunda döwletara dialoga mahsus özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy guraly bolup durýar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady,
ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalyk ugurlaryndaky ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, ozal
gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak
bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.