Düýn — 10-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dürli ugurlarda özara gatnaşyklar alnyp barylýar. Ýurtlarymyz ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa, ýangyç-energetika, ulag, medeni-ynsanperwer, edebiýat we sungat ýaly möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek teklip edildi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, bu söhbetdeşligiň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.