Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň,
Gonkongyň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidro usulda
arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy,
arassalanmadyk parafini satyn aldylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň
kärhanasynda öndürilen polietilen Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň,
Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan
başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň
işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler
hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 48 million 861
müň dollaryndan gowrak boldy. Hindistanyň telekeçileri bahasy 1 million 193 müň
manatdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň
işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 437 müň manatdan gowrak «Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni,
şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.