Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 47-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň,
Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dürli kysymly awtoulag
benzinini, dizel ýangyjyny, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem
BAE-niň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň täjirleri Seýdiniň nebiti
gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit bitumyny, dizel ýangyjyny satyn
aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 63 million 544 müň dollaryna deň boldy.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynda öndürilen polipropilen ýüplüklerinden dokalan matany, şeýle hem el
halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 867 müňmanatdan gowrak boldy.