Hormatly Prezidentimiziň
halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň bähbidine ýugrulan mukaddes ýörelgeleri
netijesinde her güni toý-baýrama beslenýän diýarymyza rysgal-bereket bolup
gadam basan täze 2019-njy, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji
güni bagtyýar raýatlarymyzyň, şonuň bilen birlikde körpe nesilleriňem ähliumumy
şatlygyna öwrüldi. Munuň şeýledigini täze 2019-njy ýylyň ilkinji gününde ýurdumyzyň
ähli künjeginde şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen Täze ýyl dabaralaram bütin
aýdyňlygy bilen subut edýär.
Ynsan ömründe
ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýan, geljege ýagşydan-ýagşy umyt
arzuwlary oýarýan Täze ýyl baýramyna bagyşlanyp guralan dabaralar ähli
welaýatlarymyzda mukaddes ýaşyl Tugumyzyň asmana galdyrylmagy, şeýle hem döwlet
senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen garşylandy.
Dabaralarda gutlag
sözleri bilen çykyş edenler täze 2019-njy, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany»
ýylynyň düşümli hem bereketli ýyl bolmagyny, eziz Watanymyzyň durmuşyň ähli
ugurlarynda gülläp ösmegini arzuw edip, mähriban halkymyzy, milletiň Arkadagy
hormatly Prezidentimizi Täze ýyl bilen gyzgyn gutladylar.