Täze ýylyň ilkinji güni Söwda-senagat edarasynda baýramçylyk
çäresi geçirildi. Onda ýola goýulan asylly däbe görä Döwletliler köşginiň
çagalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl
sowgatlary gowşuryldy. «Döwletliler köşginiň» çagalary ajaýyp sowgatlary we
bagtly çagalygy üçin mähriban Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Okuwda we döredijilikde täze üstünlikleri gazanmak üçin ähli tagallalary
etjekdiklerine ynandyrmak bilen okuwçylar döwlet Baştutanymyza berk
jan-saglygyny, mähriban halkymyza hem-de her bir maşgala bagt getirjek ösüşiň
täze belentliklerine ýetmekde täze üstünlikleri we abadançylyk arzuw etdiler.