1-nji ýanwarda
Türkmenistanda täze, 2020-nji ýylyň başlanýan güni ilkinji dünýä inen bäbegiň
ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan
sowgatlar gowşuryldy we milli Liderimiziň aýdan bagtly durmuş, sagdynlyk we
abadançylyk baradaky arzuwlary aýdyldy.
Bu körpeje
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde täze ýylyň ilkinji
pursatlarynda dünýä indi.
TDH
agentligine Merkeziň işgärleriniň habar berişleri ýaly, çaganyň we enäniň
saglyk ýagdaýy kanagatlanarly. Doglan oglanjygyň agramy 3 kilogram 610 gram,
boýy 52 santimetr. Bäbejige Mekan diýlip at goýuldy.
Çaganyň
bagtyýar ene-atalary – Annaýewleriň maşgalasy çagany we eneligi goldamak
boýunça durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatyny alyp barýandygy, ösüp
barýan ýaş nesiller hakynda alada edýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden
hoşallyk sözlerini aýtdylar.