Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň tutuş
adamzadyň bähbidine ýugrulan mukaddes ýörelgeleri netijesinde her güni toý
baýrama beslenýän diýarymyza rysgal-bereket bolup gadam basan täze 2019-njy «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji güni bagtyýar
raýatlarymyzyň, şunuň bilen birlikde körpe nesilleriňem ähliumumy şatlygyna
öwrüldi. Munuň şeýledigini täze 2019-njy «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany»
ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde şatlyk-şowhuna beslenip
geçirilýän Täze ýyl dabaralary bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet
minsitrlikleriniň guramagynda Söwsa-senagat edarasynda türkmenistanlylaryň ýaş
nesli üçin baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çagalar owadan arçanyň ýanynda
söýgüli erteki gahrymanlaryny şol sanda Aýazbabany we Garpamygy mähirli
garşyladylar, baýramçylyk aýdymlaryny aýtdylar we goşgularyny okadylar.
Dabaranyň ahyrynda bagtyýar çagalar ajaýyp sowgatlar we bagtly çagalyk üçin
milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.