milli goshun logo
Täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
Täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
21.09.2024 119 Habarlar

Düýn – 20-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat – 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar.

Şanly waka mynasybetli açylan 9 gatly, her biri 54 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde döwrebap binagärlik çözgütleri peýdalanylypdyr. Binalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylyp, degişli ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzüm göz öňünde tutulypdyr.