Düýn – 5-nji iýunda Balkan – Daşoguz
ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we täze elektrik
beketleriniň işe girizilmegi mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlar toplumy hem açylyp
ulanmaga berildi. Mundan başga-da, döwrebap ýolagçy awtobuslary sowgat berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli
ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly desgalar
yzygiderli açylýar. Ine, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde täze gurlan
ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň oňaýly ýaşamaklary üçin ähli şertleriň
döredilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp
barylýan maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň
subutnamasydyr.