Düýn geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
giňişleýin mejlisinde Içeri işler ministri I.Mulikow 2018-nji ýylda ýolbaşçylyk
edýän edarasynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik
tertibini üpjün etmek we hukuk düzgün bozmalaryň, awtomobil ýollarynda ýol-ulag
hadysalarynyň öňüni almak, hemme ýerde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça
amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Ministr işde täze usullary
hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmak boýunça geçirilýän işler we işgärleriň
maşgalalarynyň oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilişi barada hem habar
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň
möhümdigini belledi we Içeri işler ministrliginiň düzümleýin edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň ählisine ýurdumyzda hukuk tertibiniň hem-de kanunçylygyň ýokary
derejede berjaý edilmegini, jemgyýetçilik tertibiniň goralmagyny hemişe
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz ýol gözegçiligi gullugyna ýol
hereketiniň howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy bilen baglanyşykly hadysalaryň
döremeginiň sebäplerini düýpli seljermegi, şolaryň öňüni almaga gönükdirilen
anyk we täsirli çäreleri geçirmegi tabşyrdy.
Neşe
serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmak bu edaranyň işiniň
möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy bu ugurdaky işleri güýçlendirmelidigini belledi.
Yzygiderli geçirilýän öňüni alyş çäreleri oňyn netijeleri berýär, olara ähli
düzümler — lukmançylyk we bilim edaralary, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem
türkmen jemgyýetinde çuňňur sarpalanylýan adamlar hökmünde durmuş paýhasyndan
ýüki ýetik bolan ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri
gatnaşýarlar diýip, milli Liderimiz wagyz-nesihat işlerini hemişelik esasda
geçirmegi tabşyrdy.