Düýn geçirilen
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Goranmak ministri
B.Gündogdyýew hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby
birikmeleriniň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de
Watan goragçylarynyň gününe görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümlerini iň täze tehnikalar we enjamlar bilen
üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de harby gullukçylaryň hünär
derejesini ýokarlandyrmak barada görülýän çäreler we geçen ýyl geçirilen harby
okuwlaryň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk etmegi hem-de olaryň maşgala
agzalary üçin göwnejaý durmuş şertlerini döretmek barada habar berildi.
Milli
Liderimiz bu edara tarapyndan alnyp barylýan işlere kanagatlanma bildirip,
harby özgertmeleriň durmuş meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň 2019-njy ýylda öňünde durýan
möhüm wezipeler barada aýdyp, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy
mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe ýokary derejede taýýarlyk görmek
boýunça görkezmeleri berdi.
Milli
Liderimiz ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň ýeke-täk maksada — parahatçylygy
pugtalandyrmak, eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksadyna gulluk
edýändigini belledi. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Harby
doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýedir. Häzirki wagtda harby we hukuk
goraýjy edaralaryň ygtyýaryna gelip gowuşýan kuwwatly döwrebap ýerüsti we howa
tehnikalary döwletimiziň mähriban halkymyzyň we mähriban Watanymyzyň
howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
işini kämilleşdirmek meselelerine uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.