10-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly
wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdulyýew
Aşgabat şäheriniň çäklerinde täze şäheri gurmak boýunça alnyp barylýan işler,
hususan-da, döwrebap, tehnologiýalar hem-de innowasiýalar esasynda bina ediljek
şäheriň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň tamamlaýjy tapgyrda alnyp
barylýandygy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ak mermerli Aşgabady maksada laýyk ösdürmegiň möhüm ugurlaryna
ünsi çekdi. Şunda milli Liderimiz ekologiýa ýagdaýyna, arassaçylygyň we
düzgün-tertibiň pugta berjaý edilmegine, köp babatda adamlaryň durmuşynyň
hilini kesgitleýän şäher gurşawyny kämilleşdirmäge yzygiderli gözegçilik
etmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly
Prezidentimiz täze şäheriň taslamasynyň taýýarlanylyşy babatda häkimden bu
ugurda görülýän çäreleri işjeňleşdirip, meýilleşdirilen desgalaryň öz wagtynda
tamamlanmaly möhletini we gurluşygyň hilini üpjün etmegi talap etdi.
Şeýle-de,
milli Liderimiz Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşjek täze şäheriň taslamasynda
ähli zerur şertleriň nazara alynmagynyň wajypdygyny aýdyp, bu işi çaltlandyrmak
barada häkime anyk tabşyryklary berdi.