13-nji maýda Söwda-senagat
edarasynyň binasynda şanly senä — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna
bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dürli edaralar
tarapyndan taýýarlanylan kitaplaryň bu tapgyrynda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady hem-de daşary syýasy
strategiýasynyň, umumymilli hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala
aşyrylmagy, ýurdumyzyň durmuşynyň ol ýa-da beýleki ulgamynda – senagatdan
başlap, sungata çenli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň netijeleri barada gürrüň
açylýar.
Çärä
gatnaşyjylar üçin kitap sergisi guraldy, onda täze neşirler bilen bir hatarda,
milli Liderimiziň ylmy-köpçülikleýin işleri görkezildi.
Soňra
maslahatlar zalynda giň jemgyýetçiligi 25 ýylyň dowamynda Türkmen döwletiniň
amala aşyran beýik işleriniň özboluşly ýylýazgysyny emele getirýän kitaplar
bilen tanyşdyrmak dabarasy boldy.