milli goshun logo
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
2 gün öň 33 Habarlar

Şenbe güni – 30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň şeýle ajaýyp arzuwlaryna goşulýandyklaryny nygtap, türkmen halkynyň Milli Liderine döredijilik äleminde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuwladylar. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup durýar.

Dabara gatnaşyjylar Milli Liderimiziň ylmy-filosofik işleriniň we çeper eserleriniň geljek nesiller üçin gymmatly hazynadygyny nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň watandaşlarymyza serpaý eden eserleri halkyň ruhy we medeni gymmatlygyna öwrüldi. «Hakyda göwheri» atly täze kitap hem Milli Liderimiziň halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir. Bu eser gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde-de gymmatly çeşmä öwrüler.