Düýn geçirilen Ministrler
Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew Mary welaýatynyň Serhetabat
etrabynda Galaýmor howa menzilinde ýolagçy terminalynyň hem-de zerur desgalaryň
gurluşygy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyza şekiller arkaly täze howa
menziliniň hem-de düzümleýin desgalaryň ýerleşýän ýeri görkezildi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli
welaýatlarynda ýolagçylara hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürleýän döwrebap howa
menzilleriniň hem-de uçuş-gonuş zolaklarynyň gurulmagynyň howa ulagy ulgamynyň
ösen düzümini döretmek, ygtybarlylyk maksady bilen ony iň täze enjamlar bilen
enjamlaşdyrmak boýunça umumy strategiýanyň bir bölegidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz
wise-premýerden howa menzilleri gurlanda işleri guramaga, utgaşdyrmaga, alyp
barmaga hem-de ýokary hilli üpjün etmäge degişli meseleleri berk gözegçilikde
saklamagy talap etdi.