milli goshun logo
Täze guruljak iri şäherde gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden peýdalanylar
Täze guruljak iri şäherde gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden peýdalanylar
27.03.2019 821 Habarlar

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri şäher toplumynyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz täze guruljak iri şäher toplumynda iň gowy daşary ýurt tejribesini işjeň öwrenmäge, ösen ýurtlarda şäher hojalygyny netijeli guramagyň kadalaryny seljermäge, tebigy serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalary ulanmaga çagyrdy. Hususan-da, munuň özi, bir tarapdan, gaýtadan dikeldilýän çeşmeler hökmünde Gün we ýel energiýasynyň peýdalanylmagyna, beýleki tarapdan bolsa, binalaryň ýerasty suwlaryň hereketi, ýeliň we Gün şöhleleriniň ugurlary hasaba alnyp ýerleşdirilmelidigine degişlidir. Şeýle hem ýagyş-ýagmyrlary oýlanyşykly peýdalanmak gerek, ýagyş suwlaryny toplamak ulgamy olary baglary suwarmak üçin peýdalanmaga mümkinçilik berer.