Düýn – 5-nji iýunda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala
aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň
çäginde gurlan Balkan – Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we
her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek
dabarasyna gatnaşdy.
Energiýa halkasy welaýatlaryň we
Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly
ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün eder. Şonuň netijesinde,
energetika pudagynyň işgärleri energiýa bloklaryny, elektrik beketlerini,
elektrik geçiriji ulgamlary sarp edijilere päsgel bermezden bejerip hem-de
döwrebaplaşdyryp bilerler. Energiýa kuwwatynyň ätiýaçlygynyň artmagy içerki
sarp edijileri elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasy bilen
üznüksiz üpjün etmäge, artykmaç bölegini daşary ýurtlara, ilkinji nobatda,
goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berer.