Lebap döwlet elektrik bekediniň çäginde işe girizilmäge «Sumitomo Corporation» ýapon şereketi tarapyndan taýýarlanan gaz turbinaly täze elektrik bekedinde gurluşyk, energetika we paýlaýjy desgalary oturtmak, şeýle hem işledip sazlamak işleri tamamlandy.
Täze öndüriji desga «Mitsubishi Hitachi Power Systems» ýapon şereketiniň her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan üç sany gaz turbinaly gurluşyndan ybaratdyr. Taslama Türkmenistanyň Daşary ykdysady banky bilen karz şertnamasy arkaly Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky tarapyndan maliýeleşdirilipdir.
Täze suw elektrik bekediniň işe girizilmegi ýurduň gündogar sebitiniň ösüp barýan ykdysadyýetiniň üznüksiz elektrik üpjünçiligi üçin zerur tehniki şertleri döreder, täze iş ýerlerini açar we goňşy ýurtlara eksport ediljek elektrik energiýasynyň esasy çeşmesine öwrüler.