«Zala Aero Group» kompaniýasy
«REX-1» kysymly drona garşy ýaragyny tanatdy. Ýönekeý awtomata meňzeş bu
ýarag kinetiki bolmaýan tolkunlar goýbermek arkaly dronlaryň öňüni almagy
maksat edinýär. Gysga aralykdan uçarmansyz uçarlaryň hereketlerine böwet bolmak
üçin hem niýetlenen «REX-1» mobil aragatnaşyk tolkunlaryny hem bozmaga ukyply.
Bu bolsa uzakdan dolandyrylýan ýaragdyr partlaýjylaryň täsirini ýitimäge kömek
eder.
800 MHz we 5.8 GHz aralygynda 5 aýry
tolkun alyjy bilen üpjün edilen toplumyň umumy agramy 4,2 kilograma barabar. Ýaragyň
doly batareýasy 3 sagatlap söweşjeň hereketi alyp barmaga mümkinçilik berýär.
«REX-1» drona garşy ýaraga stroboskop, lazer görüş ulgamy, ses we wideo ýazyjylar hem birikdirilen.