17-nji maýda
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde häzirki zaman
ölçeglerine kybap gelýän derejede gurlan täze ýyladyşhananyň açylyşy boldy.
Umumy meýdany
5 gektara barabar bolan täze ýyladyşhana toplumy «Röwşen-Rahym» daýhan
hojalygynyň buýurmasy bilen «Gozgan gala» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina
edildi. Onuň esasy önümleri ýokary hasyllylygy hem-de uzak möhlete durumly
bolan dürli görnüşli pomidordyr. Bu ýerde her möwsümde ýokary hilli önümiň 1000
tonnasyny almak maksat edinilýär.
Toplum bütin
dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün
edildi. Ýeri gelende aýtsak, bu tomsuň iň yssy günlerinde howanyň temperaturasyny
20-25 derejede saklap bilýän sowadyjy ulgam gurnalan ýurdumyzda ilkinji
ýyladyşhanadyr.
Bu ýerde
awtomatiki usulda sazlanylýan amatly howa ýagdaýy üpjün edilýär. Ýyladyşhananyň
çäklerinde meýdany 720 inedördül metr bolan şitilhana bar. Geljekde bu hojalyk
beýleki gök önümleri hem ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär.
50 töweregi adamdan ybarat bolan ýyladyşhananyň işgärleri üçin netijeli zähmet çekmäge hemme zerur şertler döredildi. Şeýle hem bu ýerde naharhana we lukmançylyk bölümi bar.