1-nji fewralda
Serhetabat etrabynda täze döwletara elektrik geçirijisi bolan Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň ýurdumyzyň
çäklerinden geçýän böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy.
Elektrik geçiriji
elektroenergiýany Pakistana hem-de Owganystanyň üsti bilen Günorta Aziýanyň
beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer.
Şu ýylyň
ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken
Kararyna laýyklykda, Energetika ministrligi tarapyndan Türkiýäniň «Çalyk
Holding A.Ş.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolup durýan «TAPP-500 Power
Transmission Line FZE» kompaniýasy bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan
elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek
hakynda ylalaşyk baglaşyldy.
Ýurdumyzyň
çäklerinde güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy «Mary GES — Hyrat
şäheri» ugry boýunça Mary GES-den türkmen-owgan serhedine, Owganystan Yslam
Respublikasyna çenli çekiler. Ony 2021-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga bermek
maksat edinilýär.
Şeýle hem Energetika ministrliginiň düzüminde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi. Ol esasan TOP taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler bilen meşgullanar.