milli goshun logo
Täze başgap tizligi 500 m/s bolan jisimlerden gorar
Täze başgap tizligi 500 m/s bolan jisimlerden gorar
30.10.2018 1818 Tehnologiýa

«NPP KlASS» kompaniýasy özüniň täze goraýjy başgabyny köpçülige hödürledi. Öndüriji kompaniýa öz mahabatlarynda başgabyň «Stechkin APS» awtomatiki sapançasynyň 9×18 peşeňinden gorajakdygy barada belläp geçýär. Täze başgabyň iň esasy aýratynlygy tizligi 500 m/s-dan hem ýokary bolan jisimleri geçirmezligidir. Onuň agramy 1,42 kg-a barabardyr. Başgap şol kompaniýanyň öndüren «Kondor» goraýjy äýnekleri bilen hem utgaşyklydyr. Bu äýnekleriň tizligi 230 m/s bolan jisimleri geçirmezlik aýratynlygy bar. Äýnegiň dürli görnüşli linzalary bar. Olar zyýanly jisimlerden we şöhlelerden gözi goraýar.