01.12.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Täsirli geçen okuw sapagy
Täsirli geçen okuw sapagy
11.12.2021 982 Okuw kurslary

Jemgyýetiň ynsanperwerlik işiniň esasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ilata adatdan daşary ýagdaýlarda kömek bermek, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýaly netijeli işleri amala aşyrýar. Bu gurama Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi bilen utgaşykly iş alyp barýar.

Golaýda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň edara binasynda Mary welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleri bilen okuw sapagy geçirildi.

Okuw sapagynyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda öňüni alyş çärelerindäki ilkinji amala aşyrylmaly gönükmeler dogrusynda giňişleýin bellenilip geçildi.

«Raýat goranyşy».