Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport
toplumynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklary örän
gyzgalaňly hem-de çekeleşikli häsiýete eýe boldy. 10 — 14-nji oktýabr
aralygynda geçirilen milli ýaryşa 8 topar gatnaşdy.
Sportuň Ýer ýüzündäki meşhurlygy barha artýan görnüşi
boýunça geçirilen milli çempionatda ýerli ýokary okuw mekdebiniň «Talyp
sporty», Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport kluby,
paýtagtymyzyň «Aşgabat», Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
«Binagär», Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» toparlary, ýurdumyzyň
18 ýaşa çenli ýetginjekler hem-de Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň ýygyndy
toparlary ýaryşdylar. Ýaryşyň tertibine laýyklykda 8 topar öz arasynda iki
toparça bölündi.
Her biri ýiti hüjümlere beslenen toparçalaýyn
duşuşyklaryň netijesinde «Talyp sporty», «Aşgabat», «Binagär» toparlary we
Merkezi goşun sport kluby baýrakly orunlar üçin göreşmäge hukuk gazandylar.
Deslapky duşuşyklaryň netijesinde finala «Talyp sporty» we «Aşgabat» toparlary
çykdy. Örän dartgynly geçen duşuşykda talyp türgenler paýtagtyň adybir
toparynyň wekillerini ýeňmegi başardylar. Şeýlelikde, «Talyp sporty» topary
ýurdumyzyň çempiony bolmagy başardy. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda bolsa
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň topary binagär talyplaryň toparyndan
üstün çykdy.
Ýaryşa gatnaşyjylaryň içinde milli ýygyndymyzyň agzalary
kän. Olar häzirki wagtda dürli toparlara wekilçilik edýärler. Milli çempionat
halkara ýaryşlarda ýurdumyzyň sport abraýyny goraýan basketbolçylar üçin hem
taýýarlygyň täze mekdebine öwrüldi. Şeýle hem Türkmenistanyň basketbol boýunça
milli ýygyndysynyň tälimçiler düzümi toparlarda täze zehinleri ýüze çykaryp,
olary milli ýygyndymyza çagyrdylar.