Ýakynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde gurnamagynda toplumlaýyn tälim beriş türgenleşigi geçirildi.
Türgenleşigiň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlaryň tebigy görnüşi bolan ýertitremeleri we onuň ýetirip biljek zyýanly netijelerini peseltmek hem-de aradan aýyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini howpsuzlandyrmak, aýratyn möhüm we howply desgalaryň, maddy we medeni gymmatlyklaryň goraglylygyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki hereketler ýola goýuldy. Mundan başga-da, raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň taýýarlyk ýagdaýy barlanyldy.