3-nji awgust güni, agşam Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.
Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Täjigistanyň döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi wekilleri garşyladylar. Uçaryň ýanynda düşelen haly ýodasynyň bir tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Asylly däbe görä, täjik Liderine duz-çörek hödür edildi we gül çemeni gowşuryldy.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän kaşaň «Oguzkent» myhmanhanasyna tarap ugrady.
Şu gün – 4-nji awgustda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-täjik duşuşygy köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze wajyp tapgyry açar.