Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam respublikasynyň demirýol müdirlikleriniň wekilleriniň nobatdaky wideoduşuşygy boldy. Bu barada Azerbaýjanyň «Report» saýty habar berýär.
Wideomaslahata gatnaşýanlaryň üns merkezinde Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman koridory (Aşgabat ylalaşygy) boýunça synag otlusynyň geçirilişini guramak meselesi boldy.
Daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, ýük otlularynyň gatnawyny has ýeňilleşdirmek meselesinde taraplar özara düşünişdiler. Olar şeýle-de Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam respublikasynyň demirýol müdirlikleriniň ýolbaşçylarynyň 2020-nji ýylyň 21-nji maýynda bolup geçen duşuşygynyň teswirnamasynyň ýerine ýetirilişine baha berdiler.