milli goshun logo
Suw-energetika serişdelerini peýdalanmakda dünýä tejribesi öwrenilýär
Suw-energetika serişdelerini peýdalanmakda dünýä tejribesi öwrenilýär
18.12.2019 571 Habarlar

17-nji dekabrda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekilhanasynda suw-energetika serişdelerini netijeli peýdalanmak işinde täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ulanylmagyna bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady.

Maslahata Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň, GIZ, USAID guramalarynyň wekilleri gatnaşýar.

Maslahatda halkara bilermenleri hökmünde Beýik Britaniýadan, Kanadadan we Russiýa Federasiýasyndan bolan hünärmenler degişli ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesine synlary bilen çykyş etdiler.

Maslahat suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň sebit tejribesini alyşmagy ugur edinip, bilelikdäki özara bähbitli çözgütleriň kabul edilmegine, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ugurdaş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny innowasion ösüş ýoluna çykarmagy çaltlandyrmaga, içerki suw howdanlary, şeýle hem serhetüsti suw akymlary ulanmakda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam eder.

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn geňeşmeleri geçiriler.