Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherinde suw
arassalaýjy desgalaryň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Wise-premýeriň,
häzirki döwürde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde agyz suw
arassalaýjy kärhanalaryň we suw arassalaýjy desgalaryň hereket edýändigini
belledi.
Paýtagtymyzyň
ilatyny arassa agyz suwy bilen mundan beýläk-de bökdençsiz üpjün etmek üçin
Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň, hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň
çäklerinde suw arassalaýjy desgalary gurmak baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz arassa agyz suwy bilen durnukly üpjün etmek hem-de ýurdumyzda suw
gorlaryny netijeli peýdalanmak baradaky meselä degip geçmek bilen, ýurdumyzda
“Ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň”
kabul edilendigini belledi. Döwrebap agyz suw arassalaýjy kärhanalaryň we
desgalaryň yzygiderli ulanylmaga berilmegi bu ugurda amala aşyrylýan
toplumlaýyn çäreleriň subutnamasydyr.
Döwlet
Baştutanymyz täze suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy barada aýdyp, anyk
çäreleriň toplumyny öz içine alýan Baş maksatnamanyň gyşarnyksyz ýerine
ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere ony durmuşa geçirmekde
çuňňur oýlanyşykly we ylmy çemeleşmeleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary
berdi.