milli goshun logo
Sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti
Sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti
19.05.2025 125 Habarlar

Düýn – 18-nji maýda «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Bahar agşamynyň ajaýyp pursatlarynda paýtagtymyzdaky üsti açyk sahna meýdançasynda şowhunly baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Konsert Watanymyza söýginiň, milli tugumyza buýsanjyň senasy bolup ýaňlanan «Başym gurban bolsun Türkmenistana, başym gurban Arkadagly Serdara, başym gurban parlap duran tuguma, başym gurban bolsun Arkadagyma!» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Konsert maksatnamasy «Parahatlyk, ynanyşmak şuglasy, baky belentdedir tugy, tugrasy» atly aýdym bilen jemlendi.