12-nji aprelda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow
gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, okuw maksatnamasyna öňdebaryjy çemeleşmeleri, täzeçil
tehnologiýalary we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, zehinli, ukyply ýaşlary ýüze
çykarmaga we olaryň intellektual ösüşini höweslendirmäge mümkinçilik berýän
usullary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe bu ugra degişli işgärleriň üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini ýerine
ýetirmek maksady bilen, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny
işe ýollamagyň tertibi tassyklandy. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň
konsepsiýasyny, daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň
konsepsiýasyny, şeýle hem Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça işler meýilnama
laýyklykda dowam etdi.
2019-njy ýylda
neşir edilmegi meýilleşdirilen dürli görnüşli okuw kitaplaryndan we
gollanmalaryndan hasabat döwründe 41 görnüşi neşir edildi.
Ýurdumyzyň
mekdep okuwçylary şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda halkara ders we taslama
olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallary gazandylar.
Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we iş tejribesine ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň bilim işgärleri daşary ýurtlarda iş we okuw saparlarynda boldy. Dürli ugurlar boýunça okuw sapaklaryny geçmek üçin daşary döwletlerden ýurdumyza tejribeli mugallymlar we hünärmenler çagyryldy.