1-nji fewralda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde elektrik energetikasy, nebiti we
gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, elektronika, senagat, oba hojalyk, ulag
we aragatnaşyk hem-de syýahatçylyk pudaklary ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji
güýjüne öwrülmeli esasy ulgamlar hökmünde kesgitlenildi.
Şeýle hem sanly ykdysadyýet, sanly
lukmançylyk we sanly bilim ulgamy biziň ileri tutýan maksatlarymyz bolar. Döwletimizi
sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen şu ugurlar boýunça biz eýýäm işe başladyk
diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu maksatnamanyň amala aşyrylmagy
netijesinde, nesip bolsa, ata Watanymyz oba hojalyk ülkesi bolanlygyndan
senagat taýdan ösen ýurda öwrüler. Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýy has
gowulanar. Bu bolsa biziň esasy maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz
aýtdy.