2-nji iýulda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň
eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Stambul Sergi Merkezinde giň gerimli bu
serginiň geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän netijeli
daşary ykdysady syýasatynyň möhüm ugrunyň biri hökmünde Türkmenistan bilen
Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewür
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Stambul Sergi Merkezinde ýurdumyzyň eksport
harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasynyň resmi böleginde ilki bilen
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet senalary ýaňlandy. Iki
dost-doganlyk ýurduň döwlet senalary ýerine ýetirilenden soň, Türkmenistanyň
eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy mynasybetli çykyşlara orun
berildi.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň
resmi wekilleri Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň
sergisiniň açylmagy bilen çärä gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, bu
serginiň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm
ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdiler.
Çykyşlarda häzirki wagtda Türkmenistanyň we Türkiýäniň
ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da,
söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändikleri
nygtaldy. Serginiň işine Türkmenistanyň döwlet düzümlerinden hem-de hususy
ulgamyň wekillerinden ybarat uly toparyň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Soňra dabara gatnaşyjylar köpugurly sergi bilen tanşyp
başladylar. Onda türkmen önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary
hilli harytlaryň giň toplumy — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar,
ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý
hojalyk harytlary, dokma önümleri hem-de beýleki dürli önümler we ýerine
ýetirilýän hyzmatlar görkezilýär.
Söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi berjek
özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, tejribe alyşmak,
işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän bu
sergi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Çünki söwda-ykdysady
hyzmatdaşlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup,
durnukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Munuň özi hyzmatdaşlygyň bar bolan
uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek işlerine ýardam bermäge hyzmat edýär.
Şoňa görä-de, 2-5-nji iýul aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde
geçirilýän Türkmenistanda öndürilen eksport harytlaryň giň gerimli sergisine
möhüm ähmiýet berildi.
Sergi meýdançasynda
türkmen milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we
diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet
maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala
aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar
ýerleşdirilipdir.
Türkiýe
Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi
öz işini 5-nji iýulda tamamlar.