Şu gün – 25-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň arasynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça geçirilen sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan harby türgenleri dabaraly ýagdaýda sylaglamak çäresi geçirildi. Bu günki dabara Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Köpetdag sport toplumynyň Köpetdag stadionynda ýaýbaňlandyryldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen sport ýaryşlaryna özüne ynamly, ezber, merdana, türgen harby gullukçylaryň ençemesi gatnaşdy. Birnäçe günläp dowam eden ýaryşlar örän çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýurt goragçylary ýaryşlaryň dowamynda özleriniň ýokary taýýarlyklaryny, sportyň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli türgenleşik geçýändiklerini, eziz Diýarymyzda harby gullukçylaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini subut etdiler.
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen sport ýaryşlarynda aýratyn tapawutlanyp, ýeňiji bolan türgen harby gullukçylar degişlilikde kuboklar, altyn, kümüş, bürünç medallar hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.