milli goshun logo
Sowutlanan söweş maksatly «G5»
Sowutlanan söweş maksatly «G5»
21.11.2024 86 Tehnologiýa

Dünýäde häzirki zaman söweşjeň tehnikalaryň önümçiligi barha artýar. «Flensburg» awtoulag gurluşyk kompaniýasy bu ugurda ýokary netijeleri gazanýar. Kompaniýa geçen ýyl «G5» (ACSV) sowutlanan söweş maksatly harby tehnikasyny hödürledi. Ol 433 kW kuwwatly 6 silindrli hereketlendirijisi (MTU) bilen işleýär. «G5» üznüksiz hereketi we goragy üpjün etmekden daşary söweşde ulanylýan konteýnerleriň hem-de ýük göterijileriň, goşmaça iş enjamlarynyň wezipelerini ýerine ýetirýär. Dünýäde uly gyzyklanma döredýän «G5»-iň ýük göteriji, ýük daşaýjy, howa hüjüminden goraýjy ýaly görnüşleri bar.