5-nji aprelda Ministrler Kabinetiniň sanly
wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow gözegçilik
edýän düzüminde alnyp barylýan işler, 13 — 14-nji aprelde Aşgabatda «Söwda we
hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarkany hem-de halkara maslahaty geçirmäge
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Sergide pudagy döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary,
dükanlaryň, bazarlaryň, söwda merkezleriniň işine ornaşdyrylýan täze usullar,
jemgyýetçilik iýmiti we durmuş hyzmaty bölümleriniň işini guramak bilen bagly
geçirilýän işler bilen tanyşdyrylar. Giň gerimli sergi içerki bazaryň haryt
bolçulygyny görkezip, ýurdumyzda öndürilýän azyk we senagat önümleriniň daşarky
bazarlara iberilmegini ugur edinýär.
Serginiň çäklerinde halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar, oňa daşary ýurt guramalarynyň we kompaniýalarynyň köp sanlysy gatnaşmaga isleg bildirdi. Türkmen tarapyndan maslahatyň işine söwda toplumyna degişli pudaklaryň, ýurdumyzyň haryt öndüriji kärhanalarynyň wekilleri, eksport babatda hünärmenler hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar. Maslahatda söwda we hyzmatlar ulgamyndaky öňdebaryjy tejribäni alyşmak, şol sanda sanly hyzmatlar ulgamyny, elektron söwdalary, internet dükanlary guramagyň döwrebap usullary, marketing ugurly innowasion işläp taýýarlamalar barada meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.