milli goshun logo
Söwda we bazar ulgamynda ýokary tehnologiýalar
Söwda we bazar ulgamynda ýokary tehnologiýalar
30.01.2020 761 Habarlar

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bu edara bilen Şweýsariýanyň «SIСPA SA» kompaniýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu kompaniýa goralan nyşanlar bilen belgilemek ulgamynda dünýäde öňdebaryjy kompaniýadyr.

Resminama Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenildi. Söwda we salgyt salmak ýaly ugurlarda dürli elektron ulgamlaryň hem-de maglumat torlarynyň peýdalanylyşyny giňeltmek, kontrabandanyň öňüni almak ýurdumyzyň dünýäniň maliýe we söwda gatnaşyklaryna ýakynlaşmagyna, ynsaply we bäsleşige ukyply hyzmatdaş hökmünde onuň abraýynyň pugtalanmagyna ýardam berer.