milli goshun logo
Söwda pudagyny sanlaşdyrmakda alnyp barylýan işler
Söwda pudagyny sanlaşdyrmakda alnyp barylýan işler
23.02.2019 669 Habarlar

22-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda ministrligiň garamagynda 184 kärhana, olaryň her biriniň düzüminde bolsa söwda nokatlary bolup, sanly ulgamyň üsti bilen söwda kärhanalarynyň ammarlaryna gelip gowuşýan harytlar, şolaryň dükanlara goýberilişi, alyjylara satylýan möçberi we haryt galyndylary baradaky elektron hasabat onlaýn tertipde ýörediler.

Bu ulgamyň kömegi bilen kärhananyň hünärmenleri iş ýerlerinde harytlaryň görnüşleri boýunça her bir dükanyň üpjünçiligi barada maglumat alyp, galyndyda azalan harydyň görnüşini haýal etmän, merkezi ammardan goýbermäge mümkinçilik alar. Bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy haryt iberijiler bilen hasaplaşyk geçirilişi barada maglumat ýöretmäge we algy-bergiler boýunça hasaplaşyklary gündelik gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berer.

Şonuň bilen birlikde, alyjylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, internet ulgamynda ýörite saýt dörediler. Bu saýtda her bir dükanyň ýerleşýän ýeri, telefon belgileri, şeýle hem onda satylýan harytlaryň hil görkezijileri, öndürilişi, gaplanylyşy, ulanyş möhleti baradaky we beýleki maglumatlar ýerleşdiriler. Alyjylar özlerine gerekli harydy elektron sargyt esasynda getirdip bilerler hem-de sorag-jogap arkaly gerekli maglumaty alyp bilerler. Bu ulgam içerki bazarda alyjylaryň isleglerini öwrenmäge mümkinçilik berer.

Haryt dolanyşygynyň sanly ulgamyny ornaşdyrmak boýunça programma üpjünçiligini ministrligiň kompýuter tilsimaty ugrunda ýöriteleşdirilen kärhanasynyň güýji bilen ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Täze ulgamy ornaşdyrmak işini Aşgabatdan başlamak we soňra ony welaýatlarda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we sanly ulgam bilen üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, hödürlenen teklipleri makullady hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz elektron haryt dolanyşyk ulgamynyň we alyjylar üçin täze hyzmatlaryň ornaşdyrylmagynyň söwda işgärleriniň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrjakdygyny hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrjakdygyny aýtdy.

Mundan başga-da, ýurdumyzda öndürilýän harytlar baradaky anyk maglumatlar, şolaryň satylyşy hakyndaky seljerme işleri türkmen önüm öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we eksport kuwwatyny artdyrmaga itergi berer. Döwlet Baştutanymyz söwda pudagyndaky täzelikleriň ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösmegine ýardam etjekdigini nygtap, bu ulgamyň ornaşdyrylmagyna berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.