milli goshun logo
«Soňky jaň» mynasybetli dabaralar
«Soňky jaň» mynasybetli dabaralar
26.05.2025 151 Habarlar

Düýn – 25-nji maýda Türkmenistanda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy.

Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, berkararlygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýewiň Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem welaýatlaryň baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary boldy.

Soňra ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Agşam «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy.