milli goshun logo
«Soňky jaň» dabarasy geçirildi
«Soňky jaň» dabarasy geçirildi
25.05.2022 3403 Habarlar | Harby Bilim

25-nji maýda «Soňky jaň» dabarasy tutuş ýurdumyz boýunça dabaralanýar. Ýurdumyzyň ähli orta mekdepleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň 11-nji synp harby okuwçylarynyň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy hem ruhubelentlige beslenip geçirildi.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň uçurymlary «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, gahrymançylykly durmuş we ömür ýoly bilen hakyky watançylygyň nusgasy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban pederi, edermen esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül desselerini goýdular.

«Soňky jaň» ajaýyp mekdep döwrüniň tamamlanandygyny, şol bir wagtda hem durmuşyň jogapkärçilikli gapysyndan gadam basýandygyny alamatlandyrýan, ýaşlaryň juwan kalplaryny süýji arzuwlara, besleýän özboluşly baýramdyr. Harby mekdebi üstünlikli tamamlan uçurymlar milli goşunymyzyň geljekki serkerdeleri bolup ýetişerler. «Soňky jaň» baýramy mynasybetli dabaralarda ýaňlanan aýdymdyr sazlar uçurymlaryň göwün guşyny ganatlandyrdy. Uçurymlar Watanymyzyň asudalygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny gözüniň göreji deýin gorajakdyklaryna ynandyrdylar.

Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».