milli goshun logo
Soltan Sanjar
Soltan Sanjar
01.05.2019 14906 Harby Taryh

Beýik Seljuk türkmen şadöwletiniň iň soňky hökümdary soltan Sanjar (hökümdarlyk ýyllary 1118–1157 ý.)  1084-nji ýylyň 27-nji noýabrynda dünýä inýär. Sanjar ýaşlygynda atabegi Kamajyň tälim-terbiýesini alypdyr. 10-11 ýaşynda dogany Berkýarygyň Horasandaky naýyby bolup, döwleti dolandyryş işlerine gatnaşyp başlaýar. Ilkinji permanlaryny 12 ýaşynda berdi. 18 ýaşyna ýetende atalyk mekdebiniň ilkinji synagyndan üstünlikli geçýär — az sanly goşun bilen Garahanly hökümdary Kadyr hanyň uly goşunyny ýeňýär (1102 ý.). As-Samanynyň maglumatyna görä, entek dogany dirikä Sanjaryň ady Mälik Muzaffar — üstün geliji, ýeňiji patyşa görnüşinde tutulypdyr. Ol 33 ýaşynda tagta çykýar. Mälik şanyň döwründe bolşy ýaly, bütin musulman Aziýasy Sanjaryň soltanlygyna tabyn edilipdir. Soltan Sanjaryň döw­rün­de türkmenleriň Gaznaly we Garahanly nebe­releriniň guran döwletleri hem Seljuk türk­menlerine tabyn edilipdir. Soltan Sanjar 61 ýyl höküm sürüp, türkmenleriň at-owazasyny belende göteripdir. Şonuň 38 ýylyny ol Beýik Sel­juk türkmen döwletiniň soltany, galanyny bolsa Horasanyň mäligi wezipesinde geçiripdir.

Soltan Sanjar özüniň ýarym asyrdan gowrak dowam eden hökümdarlygynda ylma, medeniýete howandarlyk etmekde nusga bolan soltanlaryň biridir. Biz türkmenleriň taryhy hakda abyrsyz uly işleri eden akademik W.W.Bartolda hernäçe uly sarpa goýýan-da bolsak, dünýä derejeli bu alymyň soltan Sanjaryň okap hem ýazyp bilmeýändigi hakdaky aýdanlary, umuman seljuklaryň islendik bilimden daş bolandygy aýdanlary bilen ylalaşmaýarys. Çünki, ylymsyz-sowatsyz soltan hiç wagtam töweregine ylym adamlaryny jemlemez, olaryň söhbetini diňlemez, olara hemaýat goluny uzatmaz. Sanjar bolsa döwrüniň beýik alymlaryny öz töweregine jemläp, olara goldaw beripdir.

Arapşynas, meşhur terjimeçi R.Gylyjowyň ýazyşy ýaly «Asmanyň ýyldyzlary kän, emma olaryň ählisinden ýol-ugur alynmaýar. Uly meşhurlyk gazanan soltan Sanjar ýaly eždatlarymyz bolsa, ömründen nusga almaly taryhyň parlak ýyldyzlarynyň biridir».

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.