13-nji
dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer B.Öwezow daşary ýurtlardan
getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Senagat we
kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentligi tarapyndan ýurdumyzda
innowasion esasda elektron senagaty ösdürmek, içerki bazarlara gönükdirilen
hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan elektron we
elektrotehniki harytlary öndürmek, şeýle hem degişli bilelikdäki kiçi
kärhanalary döretmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar.
«Türkmensenagat»
agentliginiň bilelikdäki kärhanasy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan
ekranynyň ölçegleri 32 dýum, 42 dýum we 55 dýum bolan smart telewizorlaryň
önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Şolarda
Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Ýaş alymlar merkeziniň
hünärmenleri tarapyndan düzülen programmany ulanmak meýilleşdirilýän
IP-týunerler ornaşdyrylar. Smart telewizorlaryny ýokary hilli öndürmek maksady
bilen, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri daşary ýurtlarda
okadyldy.