17-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginde Türkmenistanda öz diplomatik işine başlaýan Sloweniýa
Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa
ş.) Branko Rakowets bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň
başynda Sloweniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny
gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap,
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw
bermäge taýýardygyny bildirdi. Ilçi öz gezeginde türkmen tarapyna gyzgyn
arzuwlary üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.
Ikitaraplaýyn
bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini belläp, taraplar syýasy,
söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky özara gatnaşyklarynyň
mundan beýläk-hem kämilleşdirilmegine degişli meseleleri barada pikir
alyşdylar. Taraplar yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine itergi berýän wajyp gurallaryň biridigini
bellediler.