11-nji iýunda Singapurda Türkmenistanyň we
Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy
geňeşmeler geçirildi. Singapur tarapyndan geňeşmelere Singapuryň Daşary işler
ministriniň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça orunbasary Ng Tek Hean
ýolbaşçylyk etdi.
Syýasy geňeşmeleriň barşynda syýasy,
söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň hereketli guraly bolup çykyş edýän syýasy geňeşmeleriň
geçirilmeginiň türkmen-singapur gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete
eýedigini nygtap, taraplar ikitaraplaýyn resminamalaryň ýerine ýetirilişi
boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda abraýly
halkara guramalaryň, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde
gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine seredilip geçildi.
Geňeşmeleriň dowamynda ýokary derejeli saparlary
guramagyň hem-de bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmekligiň mümkinçilikleri
ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan
beýläk hem ösdürmegiň meselelerine garaldy.
Türkmen wekiliýetiniň Singapura saparynyň
çäklerinde ýurduň Goranmak we Daşary işler ministrlikleriniň uly Döwlet
ministri jenap Maliki Osman hem-de Singapuryň hyzmatdaşlyk kärhanasynyň, Dolandyryş
we ösüş institutynyň, Singapuryň Işewürler federasiýasynyň wekilleri bilen
duşuşyklary geçirildi.