Düýn geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
wise-premýer P.Agamyradow «Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň we innowasiýa
tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin
döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän çäreler barada
hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Ylymlar akademiýasy tarapyndan
Türkmenistanyň Mejlisi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary bilen bilelikde ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda
seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada habar
berdi.
Bu ulgamda
Türkmenistanda yzygiderli ylmy-amaly barlaglar geçirilýär, şol sanda döwlet
Baştutanymyzyň 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçen
tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça III Bütindünýä
maslahatynda degişli Milli strategiýany döretmek hakyndaky başlangyçlaryndan
ugur alnyp, şeýle işler durmuşa geçirilýär.
Türkmen
hünärmenleri Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen bilelikde
«Aşgabat şäheriniň we onuň töweregindäki meýdanda seýsmologiýa gözegçilik
ulgamyny gowulandyrmak» taslamasynyň üstünde işleýärler. Şeýle hem BMG-niň Ösüş
maksatnamasy bilen bilelikde «Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermekde, bolup
biläýjek güýçli ýer titremeleri duýdurmakda hem-de şolar boýunça degişli
çäreleri görmekde Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak»
taslamasynyň çäklerinde, bu ulgamda çaklamagyň hem-de monitoringiň strategiýasy
işlenip taýýarlanylýar.
Onda seýsmiki
howply zolaklarda mümkin bolan ýer titremeler bilen baglanyşykly durmuş,
ykdysady hem-de ekologiýa töwekgelçilikleriniň derejesini peseltmek,
Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň ilatynyň, binalaryň hem-de
desgalaryň, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň şunuň ýaly tebigy heläkçiliklere
taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler kesgitlenildi.
Maksatnamanyň
amala aşyrylmagy sebitleriň durmuş, demografiýa hem-de ekologiýa ýagdaýyna,
seýsmiki howply zolaklaryň ykdysady ösüşiniň esasy görkezijilerine oňyn
täsirini ýetirer.