10-njy maýda geçirilen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow
gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň seýsmiki taýdan
howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň
belleýşi ýaly, ýokarda bellenilen zolaklarda durnukly ýaşaýyş-durmuş, ykdysady
hem-de ekologiýa şertlerini üpjün etmek, seýsmiki howpsuzlygyň derejesini
kesgitlemek we hasaba almak hem-de ýertitremäniň täsirini peseltmek maksady
bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligi Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde
degişli işleri alyp barýar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasyny degişli derejede durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklary berip, ilatyň maglumat üpjünçiligini gowulandyrmak, ýertitremeleriniň öňüni almak we onuň täsirini peseltmek barada degişli düzümleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek wezipeleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.